Türkmenistan Owganystan boýunça dialogy işjeň goldaýar

2021-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda sebitiň ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Goňşy ýurtdaky ýagdaýlar bolsa onuň esasy temasy boldy.

Mejlisde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew wekilçilik etdi.

Şeýle-de duşuşyga Eýranyň, Hytaýyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Owganystan boýunça ýörite wekilleri gatnaşdylar. 

Onlaýn görnüşinde geçen gepleşikleriň barşynda Owganystandaky häzirki ýagdaýlar hem-de halkara bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalary, şol sanda sebitiň ýurtlarynyň owgan ugry boýunça hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi dogrusynda jikme-jik pikirler alyşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Owganystanyň durnuklylygynyň, howpsuzlygynyň we durnukly ösüşiniň pugtalandyrylmagy bilen bagly meseleleriň çözgüdinde özarabaglanşykly häsiýete eýe bolan tagallalaryň utgaşdyrylmagy babatynda bilelikdäki hereketleriň sebitleýin formatynyň aýratyn ähmiýetini belläp geçdi. 

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ugry boýunça, şol sanda energetika, ulag we kommunikasiýalar ulgamlarynda iri göwrümli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi arkaly Owganystanda parahatçylygyň ýola goýulmagyna saldamly goşant goşýandygy nygtaldy.

Ýurdumyzyň serhetýaka sebitlerinde ýerleşen owgan welaýatlarynyň ýaşaýjylaryna Türkmenistanyň ynsanperwer hem-de azyk kömegini bermäge hemişe taýýardygy we bu asylly işi dowam edýändigi hem beýan edildi.