ÝEREWANDA BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ýerewan döwlet uniwersiteti bilen bilelikde bu ýokary okuw mekdebinde «Hazar deňzi - mümkinçilikleriň deňzi» atly maslahat geçirildi. Bu maslahat 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyldy. 

Dabaraly çärä Ermenistanda akreditirlenen daşary ýurtlaryň we halkara gurmalarynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Ermenistan Respublikasynyň Ulag, aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň ýolbaşçylary, Daşary işler, yksysady ösüş we maýa goýum, maliýe ministrlikleriniň wekilleri, Söwda-senagat edarasynyň wekilleri, Ýerewan döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary, Türkmenistanly talyplar, şeýle hem ýurduň ylmy intelegensiýasynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.