1. Arza (bellenen nusga boýunça) – 2 sany (el ýazuwynda); 2. Döwlet tarapyndan okuwa ugradylan raýatlar üçin anketa; 3. Bellenen nusga boýunça özi we üç arkasy barada maglumat (nusga boýunça) - 2 sany 4. 4 sany 3х4 fotosurat; 5. Görkezilen nusga boýunça okuw mekdebiniň resmi blankynda ýazylan Arhiw kepilnama1 (türkmen diline terjimesi bilen) – 2 sany (asyl nusgasy we 1 sany göçürmesi); 6. Türkmen diline resmi terjime edilen Diplomyň 2 sany göçürmesi (GDA agzasy bolmadyk ýurtlarda berlen diplom kanunlaşdyrylan bolmaly); 7. Türkmen diline resmi terjime edilen diplomyň goşundysynyň (ýa-da Diploma Supplement) – 2 sany göçürmesi; 8. GDA agza ýurtlaryň okuw mekdepleriniň akkreditasiýasynyň (terjimesi bilen) okuw mekdebi tarapyndan möhür bilen tassyklanan – 2 sany nusgasy. 9. Okuw mekdebini okuw döwründe üýtgedenler, öňki okuw ýerinden aýratyn arhiw kepilnama getirmeli (terjimesi bilen) – 2 sany (asyl nusgasy we 1 sany göçürmesi); 10. Okuw mekdebini okuw döwründe üýtgedenler ilki okan ýerinden akademik kepilanama getirmeli (terjimesi bilen) – 2 sany (akademiki kepilnamanyň asyl nusgasy ýok bolan halatynda, okuw mekdebi tarapyndan möhür bilen tassyklanan nusgasy hökman bolmaly); 11. Resminamanyň eýesiniň erkine bagly bolmadyk ýagdaýlaryň (tebigy betbagtçylyk, epidemiýa, pandemiýa we beýleki şuňa meňzeş ýagdaýlar) ýüze çykmagy sebäpli daşary ýurt döwletiniň hünär bilimi edarasy tarapyndan kabul edilen bilim maksatnamalaryny elektron okuwlar we uzak aralykly bilim tehnologiýalary arkaly durmuşa geçirmegi dowam etmek barada namasy (terjimesi bilen) – 2 sany (asyl nusgasy we 1 sany göçürmesi); 12. Raýat pasportynyň ähli sahypalarynyň göçürmeleri – 2 sany; 13. Daşary ýurt pasportynyň ähli sahypalarynyň göçürmeleri – 2 sany; 14. Türkmenistana we okan ýurdyna giriş we çykykşlary barada (nusga boýunça) düşündiriş; 15. Bir sany Papka (20 faýl sahypaly) we bir sany aýratyn faýl; 16. Okuwy 2000-nji ýyldan öň tamamlan raýatlar iş kitapçasynyň 2 sany nusgasyny getirmeli (iş kitapçasy elinde ýok bolsa işgärler bölümi tarapyndan tassyklanan bolmaly); 17. Ikinji ýokary bilim hakynda resminama, magistr derejesi hakynda resminama, orta hünär bilimiň ýa-da akademiki kepilnamanyň binýadynda alnan ýokary bilim hakyndaky resminamalar ykrar edilen ýagdaýynda ozalky bilimi hakynda resminamalarynyň terjime edilen göçürmeleri we bar bolan halatynda Ykrar şahadatnamasynyň nusgasy - 2 sany. Resminamalaryň terjimeleriniň ählisi möhürlenen we asyl nusagada bolmaly.
1 Aşakdaky maglumatlar görkezilen güwänama (arhiw kepilnamasy): - Arhiw kepilnama Ýokary okuw mekdebiniň resmi blankynda ýazylan; - Okuwa kabul edilendigi, her okuw ýylyndan soňky okuw ýylyna geçirilendigi we okuwy tamamlandygy barada belgisi we senesi görkezilen ýokary okuw mekdebi boýunça çykarylan buýruklar. Buýruklaryň ýanynda okan döwründe okuwyň haýsy görnüşde (gündizki, gaýybana, agşamky) amala aşyrylandygy; - Okan hünäri boýunça okuwyň (gündizki, gaýybana, agşamky) görnüşiniň kadalyk ölçeg möhleti (4 ý., 5 ý., 6 ý.); - Diplomyň (şahadatnamanyň) seriýasy, san belgisi, berlen senesi. - Güwänama okuw mekdebiniň ýolbaşçysynyň (rektoryň ýa-da prorektoryň) goly bilen tassyklanan, GDA agza ýurtlar üçin döwlet tugraly möhür basylan bolmaly. (türkmen diline resmi terjimesi – 2 sany)
Resminamalar Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda terjime etdirilip bilner. Resminamalaryňyzyň terjimeleriniň dogrylygyny özbaşdak barlamagyňyzy haýyş edýäris. Bilim ministrligi nädogry edilen terjimelerden ýüze çykýan ýalňyşlyklar üçin jogapkärçilik çekmeýär. Resminamalar tabşyrylanda diplomyň (şahadatnamanyň) we diplomyň goşundysynyň, kepilnamalaryň asyl nusgalary hem-de resminamanyň eýesiniň we tabşyrmaga ynanylan şahsyň pasportlarynyň asyl nusgalary görkezilmeli. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň iş topary zerur bolan ýagdaýynda raýatdan onuň daşary ýurtda okandygy barada anyklaýjy goşmaça maglumatlary sorap biler.
DAŞARY ÝURT DÖWLETINDE BERLEN DIPLOMY TÜRKMENISTANDA YKRAR ETDIRMEK ÜÇIN ZERUR RESMINAMALARYŇ SANAWY
Göwrümi 149 kb
ÝÜKLE