Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylym ulgamynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmagy netijesinde, ýurduň akademiki ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-önümçilik barlaghanalarynda, pudagara we pudak guramalarynda ylym hem-de döredijilik bilen meşgullanýan täze ýaş nesil kemala geldi.
Ýurdumyzda ylym ulgamy dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýär, onuň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, ylmyň möhüm ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmek, ýaş alymlary, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça giň mümkinçilikler döredilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-barlag institutlarynda, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-önümçilik barlaghanalarynda dürli ugurlar boýunça döwrebap ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti 2020-nji ýylda Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň maksatnamasyny hem-de Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny kabul etdi.
Türkmenistan bilim işine dünýä ülňülerini ornaşdyryp, ynsanperwer ulgamda BMG bilen özara gatnaşyklary pugtalandyrýar. Türkmenistan 2014 — 2016-njy ýyllar üçin, soňra bolsa 2017 — 2020-nji ýyllar üçin BMG-niň ösüş maksadynda Ylym we tehnika komissiýasyna iki gezek saýlanyldy.
BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasyndan gelen habaryna görä Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň ýene-de iki düzüminiň — 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Durmuş ösüş komissiýasynyň hem-de 2021 — 2024-nji ýyllar üçin ösüş maksadynda Ylym we tehnika komissiýasynyň agzalygyna saýlandy.
Zehinli ýaşlar nanotehnologiýalar, ylmy barlaglar, energetika, biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-kommunikasiýalar, häzirki zaman saglygy goraýyş we derman senagaty, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ulgamlarda we beýleki ugurlarda netijeli işleýärler.
Ylmy döwlet tarapyndan goldamak işi giňeldilýär hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, geljegi uly barlaglary, tejribe-synag hem-de tehnologik işläp taýýarlamalary maliýe taýdan goldamak işi gowulandyrylýar. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaş alymlary goldamak baradaky gaznasy hem-de Ylmy ösdürmek gaznasy hereket edýär.
Türkmen ylmyny ösdürmek maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ylym ulgamyny sanly ulgama geçirmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy hem-de Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalary toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy kabul edildi. Bu strategik taýdan ähmiýetli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi ylym ulgamyny kämilleşdirmäge itergi berdi, IT-tehnologiýalara esaslanan netijeli, durnukly sanly bilim ulgamyny kemala getirmäge, dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda ylym bilen önümçiligiň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň dolandyrylmagyny ylmy taýdan esaslandyrmaga mümkinçilik berdi. Bulardan başga-da ylmy-barlag işläp taýýarlamalaryny, ýaşlary ylma çekmek, inžener-tehnologik hem-de telekeçilik işi üçin zerur bolan täze programma üpjünçiligini döretmek işiniň işjeňleşdirilmegine ýardam edýär.
Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda hem-de Tehnologiýalar merkezinde ýangyç-energetika toplumynyň ösdürilmegine innowasiýalary ornaşdyrmak hem-de energiýa serişdelerini tygşytlamak meselelerini çözmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Türkmen alymlary energiýanyň alternatiw çeşmelerini öwrenip, elektrik energiýasyny öndürmegiň, uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny gözlemegiň, işläp geçmegiň, ýangyç serişdelerini çykarmagyň we ulanmagyň täze tehnologiýalaryny döredýärler, ýangyjy elektrik hem-de ýylylyk energiýasyna öwürmek boýunça barlaglary geçirýärler.
Ylmy işgärler oba hojalygy, lukmançylyk, derman we azyk senagaty, molekulýar biologiýa, genetika, bioinženeriýa, biolukmançylyk ulgamlarynda-da ylmy barlaglar bilen meşgullanýarlar. Şonuň bilen birlikde, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň intellektual-tehnologik serişdelerini ösümlik hem-de haýwanat dünýäsiniň genetiki gaznasyny döretmäge, milli älem emeli hemrasynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga, ulag-logistik merkezleri döretmäge, halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriň syýasy we ykdysady ähmiýetini ylmy taýdan esaslandyrmaga ugrukdyrýar.
Türkmen akademiki ylmynyň binýadynda wajyp işläp taýýarlamalaryň ençemesi döredildi. Şolaryň hatarynda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň zeýkeş suw ulgamynyň gidrohimiki barlaglary bar. Şol barlaglaryň esasynda sähra zolaklarynda ekerançylygy, maldarçylygy, balykçylygy ösdürmek üçin ýol görkezijä öwrülen ekologiýa kartalary işlenip taýýarlanyldy. “Altyn asyr” Türkmen köli sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, bu ýerde milli Lideriň gatnaşmagynda täze nusgadaky durmuş-önümçilik toplumynyň düýbi tutuldy.
Türkmenistanda innowasion işi ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, Hazar deňziniň daşky gurşawyny hem-de biologik köpdürlüligini goramak, tektonik ýagdaýyny, seýsmiki işjeňligini öwrenmek boýunça ylmy barlaglar geçirilýär. Diýarymyzyň günbatar sebitini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, onuň uglewodorod we beýleki serişdelerini özleşdirmegiň, ulag-üstaşyr kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň, bu ýerde iri himiýa, nebiti we gazy gaýtadan işleýän kärhanalary hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şypahana-dynç alyş desgalaryny gurmagyň meýilnamalaryny nazara almak bilen, munuň özi ylmy-amaly taýdan möhüm ähmiýete eýedir.
Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň ýanwarynda gol çeken Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda seýsmik töwekgelçiligi peseltmek” maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde netijeli işleriň dowam etdirilýär. Bu ulgamdaky taslamalaryň birnäçesi Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentligi, BMG-niň Ösüş maksatnamasy we beýleki abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar.
Ylymlar akademiýasynyň alymlary döwlet Baştutanynyň tabşyrygy boýunça Garabogaz kölüniň mineral baýlyklaryny toplumlaýyn özleşdirmegiň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny işläp taýýarladylar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň buýurmasy boýunça ýerine ýetirilen taslamada “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň binýadynda önümhanalaryň üçüsini — suwsyz natriý sulfatyny, magniý sulfatyny (epsomit) hem-de magniý hloridini (bişofit) çykarýan önümhanalary gurmak göz öňünde tutulýar. Türkmenabadyň himiýa zawodynyň buýurmasy boýunça Magdanly-Köýtendag dag-magdan sebitiniň “Durnaly” fosforid meýdanyny özleşdirmek üçin ylmy-tehniki şertler taýýarlanyldy.
Ýurduň alymlarynyň, “intellektual önümleriň” – barlaglarynyň, ygtyýarnama alnan ylmy açyşlaryň sanawy barha giňelýär. Şolaryň hatarynda ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdeleriniň düzüminiň işlenip taýýarlanylmagyny, welaýatlaryň toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylan orta we inçe süýümli gowaçanyň täze görnüşlerini, Garagumuň çägesini berkitmegiň usullaryny görkezmek bolar. Şeýle hem şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli düýpli ensiklopedik işiniň esasynda döredilen derman serişdeleri we beýlekiler bar.
Himiýa institutynda adaty üzärligiň hem-de onuň düzümine girýän maddalaryň himiki düzümi öwrenildi. Bu ösümlik gadymdan bäri ýokanç keselleri bejermekde netijeli serişde hökmünde halk lukmançylygynda giňden ulanylýar. Netijede, ýurdumyzyň hünärmenleri tarapyndan belli bir basyşyň astynda hem-de beýleki maddalary ulanmazdan, dermanlyk ösümligi kadaly ýagdaýa getirmäge mümkinçilik berýän köpugurly usul işlenip taýýarlanyldy hem-de bu açyşa Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyndan degişli patent alyndy.
12-nji iýunda Ylymlar gününe gabatlanyp “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Forum onlaýn usulynda guraldy. Döwrebap kommunikasion serişdeleri türkmen alymlaryny, mugallymlaryny, ýaş alymlary we 20 döwletden ylmy toparlaryň wekillerini bilimleriň dürli ulgamlarynyň wajyp meseleleriniň töwereginde birleşdirmäge mümkinçilik berdi. Şol ýurtlaryň hatarynda Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Italiýa, Ispaniýa, Latwiýa, Polşa,Türkiýe, Russiýa Federasiýasy, Belarus, Moldowa, Gruziýa, Ermenistan, Gazagystan, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Pakistan, Eýran, Müsür we Hindistan bar.
Milli bilim ulgamynda her ýyl täze işgärler taýýarlanylýar. Ylymlar güni mynasybetli Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň maslahatlar zalynda Ylymlar akademiýasy hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan bilelikde geçirilýän ýaş alymlaryň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Her ýyl intellektual bäsleşige ylmy-barlag institutlarynyň, önümçilik birleşikleriniň, ylmy-tehniki kärhanalaryň ýaş işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, ýörite orta okuw mekdepleriniň talyplary, işjeň ylmy işe uly gyzyklanma bildirýän, dürli hünärde işleýän türkmenistanlylar gatnaşýarlar.
2020-nji ýylyň ylmy işleriň bäsleşiginde nanotehnologiýalar, energetika, biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-kommunikasiýa, kompýuter tehnologiýalary, döwrebap lukmançylyk hem-de derman serişdeleriniň önümçiligi, innowasion sanly ykdysadyýet ýaly ulgamlara aýratyn üns berildi.
2020-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Bilim ministrliginiň Innowasion maglumatlar merkezi döredildi, “Türkmenistanda 2020 —2025-nji ýyllarda çaganyň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygyny ýokarlandyrmak babatda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasy” we Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlar boýunça dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy tassyklanyldy. Ylymlar akademiýasy tarapyndan ylmyň we tehnologiýanyň esasy ugurlary boýunça 346 işiň ýerine ýetirilişine gözegçilik edildi. Doktorlyk dissertasiýalarynyň 3-si, kandidatlyk dissertasiýalarynyň 14-si goralyp, degişli alymlyk derejeleri berildi.
Bu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary milletiň intellektual kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak üçin ähli şertleri üpjün etmäge gönükdirilen. Döwlet Baştutanynyň başlangyçlary, ilkinji nobatda, Watanymyzyň ykbaly, türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriniň geljegi üçin ýokary jogapkärçilikde jemlenendir. Ýaş nesiller ylmyň we tehnikanyň okgunly ösýän, adamzat pikiriniň beýik gazananlarynyň asyrynda mynasyp ýaşamalydyr we işlemelidir.