Türkmen paýtagtynda derwaýys neşirleriň çapdan çykmagyna bagyşlanan maslahat geçirildi

2022-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara habar beriş serişdelerine beren interwýulary», «Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy» we «Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti» atly kitaplaryň neşir edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi.

Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ylymlar akademiýasynyň prezidenti S.Toýlyýew giriş sözi bilen çykyş etdi.

Şeýle hem maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Bilim ministriniň,  ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretarynyň, Türkmenistanyň döwlet habarbar agentliginiň başlygynyň,  Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktorynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektorlarynyň çykyşlary diňlenildi. Şonuň ýaly-da, Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi I.Ahmed we Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi F.Şarifzoda hem maslahatda çykyş etdiler.

Maslahatyň barşynda ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we global howpsuzlygyň pugtalandyrylmagynyň netijeli guraly hökmünde Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ägirt uly mümkinçilikleriniň we hemişelik bitaraplyk hukuk derejesiniň giň gerimli halkara ykrarnamasynyň ýene-de bir aýdyň tassyknamasy hökmünde geçen ýyl Türkmenistanda geçirilen ençeme halkara çäreleriniň derwaýyslygy barada gürrüň edildi. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň birnäçe interwýulary geçirildi, hususan hem «Мir» Döwletara teleradiokompaniýasynyň žurnalisti,  Russiýanyň «TASS» habarlar agentliginiň Baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusman hem-de Türkiýäniň döwlet teleradiokompaniýasynyň «TRT World» teleýaýlymynyň baş redaktory Ýusuf Erim bilen söhbetdeşligi guraldy. Bu söhbetdeşlikleriň dowamynda Döwlet Baştutanymyz dürli görnüşdäki sebit hem-de halkara derejesindäki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow milletimiziň taryhy gymmatlyklarynyň goralyp saklanylmagyna hem-de olaryň döwür bilen özara baglanşyklylygynyň aýratyn ileri tutulýan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary barada aýratyn durup geçdi.

Çykyş edenler Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk hem berkitmek we ösdürmek işinde taryhy ähmiýetiniň bardygyny nygtadylar. Bu duşuşygyň özarabähbitli sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly bolan ugurlaryna we usullaryna hemmetaraplaýyn seretmäge mümkinçilik berendigi bellenildi.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň YHG-nyň agzasy bolmak bilen, guramanyň çäklerinde köptaraplaýyn özarabähbitli hereketleriň giňeldilmegine, dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine gymmatly goşandyny goşýandygy barada aýdyldy. 2021-nji ýylda YHG-na başlyklyk edýän döwründe biziň ýurdumyz işlenilip taýýarlanylan başlyklyk etmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda işjeň we mazmuna baý işleri durmuşa geçirendigi bellenildi.

Çäräniň ahyrynda maslahata gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi.