Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Türkiýäniň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

2022-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Ankara şäherinde Türkiýäniň Prezidentiniň köşgünde Ilçi M.Işangulyýewiň Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogana Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasynyň barşynda Ilçi Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogana Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamlaryny we iň ýakymly arzuwlaryny ýetirdi. 

Prezident Erdogan Türkmenistanyň Ýolbaşçylarynyň adyndan aýdylan mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda Ilçiden Türkmenistanyň Hormatly Prezidentine we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowa iň ýakymly sözleri we dostlukly salamlaryny ýetirmegi sorady, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş ugrundaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.