Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy bilen duşuşygy

Üstümizdäki ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýn resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen duşuşygynyň dowamynda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygyny türkmen topragynda mähirli mübärekläp, türkmen-rus gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly, strategik häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Geçen ýyl Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna beslendi. Şol ýyllaryň dowamynda ýurtlarymyz ugurlaryň giň gerimi boýunça — söwda-ykdysady, energetika, ulag, oba hojalygy we beýleki ulgamlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edip gelýärler. Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň uly şertnama-hukuk binýady döredildi. Paýtagtymyzda geçen bilelikdäki işewürlik maslahaty hem bu hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň çuň taryhy kökleri bolup, olar dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýar. Ynsanperwer ulgam döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr. Bilim-ylym, medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlyk depginli ösdürilýär. Aşgabatda hereket edýän A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebi munuň anyk mysalydyr. Şeýle hem şu ýyl Türkmen-rus uniwersitetiniň düýbüni tutmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy täze ýokary okuw mekdebiniň düzümini bilelikde işläp taýýarlamagy, ol ýerde ylmy merkezi döretmegi teklip etdi.

Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy saglygy goraýyş ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belledi. Ýurtlarymyzyň arasyndaky raýdaşlyk we özara goldaw bermek öz gözbaşyny taryhyň çuňluklaryndan alyp gaýdýar.

Türkmenistan hem-de Russiýa Federasiýasy, köptaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň ugry boýunça, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hem netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Biziň ýurdumyz GDA giňişligindäki hyzmatdaşlygyň bar bolan köpugurly kuwwatyny durmuşa geçirmekde başlangyçly orny eýeleýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Geçen ýyl Astanada geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sport ulgamyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek we iri halkara ýaryşlary geçirmek boýunça öňe süren teklipleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy mümkinçilikden peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Belent mertebeli myhman Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirip, rus-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine berýän uly ünsi üçin hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Mihail Mişustin geçen ýylyň noýabrynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň sapar bilen Moskwa gelendigini, ol ýerde birnäçe duşuşyklaryň geçirilendigini belläp, Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy, Türkmenistanyň gowy dosty Walentina Matwiýenkonyň salamyny ýetirdi. Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin hem ýakyn wagtda ýurdumyza resmi sapar bilen gelmegi meýilleşdirýär.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň we Russiýanyň hyzmatdaşlygy söwda-ykdysady we beýleki esasy ulgamlarda işjeň ösdürilýär. Bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, geljegi uly ugurlar boýunça, şol sanda energetika, senagat, sanly tehnologiýalar, ulag, medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikler bar.

Russiýanyň köp sebitleri Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaşlarydyr. Olar bilen netijeli göni gatnaşyklar ýola goýuldy. Bilelikdäki işewürler maslahatyna we beýleki çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we Russiýanyň beýleki birnäçe subýektleriniň ýolbaşçylary geldiler.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk barada aýdyp, ýokary bilim ulgamynda hem netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklar ýola goýuldy. Häzirki günde Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde 30 müňe golaý türkmen talyby bilim alýar.

Duşuşygyň dowamynda ynanyşmagyň we özara düşünmegiň ikitaraplaýyn gatnaşyklara mahsus bolan ýokary derejesiniň deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan hem-de uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan netijeli türkmen-rus hyzmatdaşlygy üçin berk binýat bolup durýandygy kanagatlanma bilen bellenildi.

Özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparyna uly orun degişlidir. Toparyň işi iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri hem-de olaryň döwlet düzümindäki hyzmatdaşlary üçin netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga, bar bolan kuwwaty iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ýardam berýär.

Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň parlamentara gatnaşyklar bilen üstüniň ýetirilýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ruhunda depginli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege we iki ýurduň halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.