Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

2023-nji ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy.

Arkadagymyz GDA-nyň synçylar toparynyň 26-njy martda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň agzalarynyň saýlawlaryna syn etmäge gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

GDA-nyň Baş sekretary Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar toparynyň netijeli işlemegine ähli zerur şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Türkmenistanda saýlawlara taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigini belledi. Şunda saýlaw möwsüminiň ähli tapgyrlarynyň açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda, ugurdaş kanunçylyga, umumy ykrar edilen hukuk kadalaryna laýyklykda geçirilýändigi bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň geljegi bilen baglanyşykly meseleler barada pikir alşyldy. Söhbetdeşligiň dowamynda Arkalaşygyň giňişliginde söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, energetika, oba-senagat toplumy, öňdebaryjy tehnologiýalar ýaly ulgamlarda, işewür düzümleriň ugry boýunça, şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

GDA-nyň çäklerinde parlamentler derejesinde netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Şunda 2022-nji ýylyň maýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň ähmiýeti nygtaldy. Bu forum oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň Arkalaşygyň ýurtlarynyň bu ugurdaky işjeň hyzmatdaşlyk däbini, şol sanda GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirjekdigine ynam bildirildi.