Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi

2023-nji ýylyň 24-nji martynda  Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öňde boljak Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda GDA-nyň synçylar toparyna ýolbaşçylyk edýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.

26-njy martda geçiriljek milli parlamentiň deputatlarynyň, ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalarynyň saýlawlarynyň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakadygyny Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň adyna we GDA-nyň Baş sekretaryna saýlawlara syn etmäge gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

GDA-nyň Baş Sekretary S.Lebedew GDA-nyň synçylar toparynyň işi barada habar berdi hem-de ýurtda halkara synçylaryň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de GDA-nyň Baş sekretary Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de däp bolan dostlukly döwletara hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler.

GDA-nyň giňişligindäki özara gatnaşyklar meselelerinde Türkmenistan işjeň orny eýeleýär. Köptaraplaýyn gatnaşyklary, şol sanda sport ugry boýunça hyzmatdaşlygy höweslendirmek we giňeltmek boýunça yzygiderli öňe sürülýän teklipler munuň aýdyň subutnamasydyr. Bellenilişi ýaly, munuň üçin ýurdumyzda iri sport çärelerini geçirmegiň oňat tejribesi hem-de döwrebap ugurdaş düzümi bar.

Ykdysadyýet we söwda, energetika, ulag, aragatnaşyk, telekommunikasiýalar, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlar, GDA-nyň giňişliginde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek işinde özara gatnaşyklary pugtalandyrmak hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirmek hem möhüm ugur bolup durýar.