ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň wise-prezidenti bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň wise-prezidenti Reýnhold Lopatka bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar soňky döwürde Türkmenistan bilen ÝHHG-nyň arasynda energiýa howpsuzlygy, ulag aragatnaşygy we ekologiýa howpsuzlygy ýaly möhüm ugurlar boýunça gatnaşyklaryň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler.

Taraplar Türkmenistanyň ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasy, Milli azlyklar boýunça Ýokary Komissarynyň edarasy, Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça edarasy ýaly düzüm birlikleri bilen netijeli gatnaşyklarynyň ep-esli işjeňleşendigini beýan etdiler.

Parlament diplomatiýasynyň barha berkeýän orny barada aýtmak bilen, taraplar Türkmenistanyň Mejlisiniň we ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar parlamentara gepleşikleri we halkara bilermenleri bilen pikir alyşmalary höweslendirmek maksady bilen, ýurdumyzda tematiki seminarlary we maslahatlary bilelikde geçirmegiň oňyn tejribesini dowam etdirmek isleýändiklerini mälim etdiler.