Türkmenistanyň wekiliýeti Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 23-nji iýulynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistana amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif bilen duşuşyk geçirildi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Iň derwaýys meseleleriň hatarynda energetika, ulag, aragatnaşyk we söwda pudaklarynda amala aşyrylýan bilelikdäki işlere garalyp geçildi.

Iň ýokary döwlet we hökümet derejelerinde amala aşyryljak saparlarda gol çekilmegi meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn şertnamalary we ähtnamalary işläp taýýarlamagy işjeňleşdirmek barada ylalaşyk gazanyldy.