Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2024-nji ýylyň 24-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Prezident Şawkat Mirziýoýewi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady we onuň baştutanlygynda Özbegistan Respublikasynyň durmuş-ykdysady ösüşde ägirt uly üstünlikleri gazanandygyny hem-de halkyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny belledi.

Şeýle hem telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.