Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň duşuşygy

2024-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Yslamabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahbaz Şarifiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň geljegi barada pikir alyşyldy.

Şu nukdaýnazardan, taraplar türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň köp sanly meselelerine garadylar, ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygyny dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Iki döwletiň hem gatnaşýan iri we uzak möhletli halkara ykdysady taslamalaryny durmuşa geçirmek babatynda bilelikdäki hereketleri işjeňleşdirmegiň zerurlygyna aýratyn üns berildi.

Hususan-da, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň we Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji liniýasynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn resminamalary taýýarlamak boýunça işi gutarmagyň ähmiýeti nygtaldy

Ulag-logistika pudagynda bilelikdäki işleriň ähmiýeti hem bellenildi. Häzirki wagtda bu ugurda türkmen tarapy Pakistanyň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär, şolaryň arasynda National Logistics Corporation (NLC) aýratyn orny eýeleýär. NLC bilen hyzmatdaşlyk Hytaý – Pakistan – Owganystan – Türkmenistan ugry boýunça Merkezi Aziýa we Hazar sebitlerine çykalgasy bolan ýük gatnawlaryň mukdaryny ýokarlandyrmaga ýardam berer.

Şeýle hem taraplar hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän beýleki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýeti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen Pakistan Yslam Respublikasynda bolýar.