Türkmenistanyň Daşary işler Ministriniň Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk Ministri bilen duşuşygy

photo

2025-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredow “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň bähbidine halkara işini ösdürmek” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk Ministri Farzane Sadeg Malwajerd bilen duşuşyk geçirdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň Liderleriniň tagallalary bilen hil taýdan täze derejä çykarylýan iň ýokary we ýokary derejelerdäki dialogyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň möhüm ornuny bellediler. Mundan başga-da, taraplar medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösmegi üçin özara gatnaşyklary geljekde hem dowam etdirmek barada ylalaşyk gazanyldy.