Türkmenistanyň Prezidenti Sukuba uniwersitetiniň prezidenti bilen duşuşdy

photo

2025-nji ýylyň 15-nji aprelinde Tokioda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata bilen duşuşdy. Duşuşyga iki ýurduň resmi wekiliýet agzalary hem gatnaşdylar.

Uniwersitetiň ýolbaşçysy duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň şu saparynyň bilim ulgamynda ýola goýlan gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Şeýle-de Kýosuke Nagata döwlet Baştutanymyzy EKSPO – 2025 Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylmagy bilen gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Kýosuke Nagata bilen duşuşýandygyna şatdygyny aýdyp, Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge uly üns berýändigini belledi hem-de oňa Gahryman Arkadagymyzyň salamyny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça yzygiderli ösdürilýär.

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda bilim ulgamynda hem netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklar ýola goýuldy. Iki döwletiň bilim ojaklarynyň arasynda hereket edýän resminamalara laýyklykda, dürli çäreler yzygiderli geçirilýär.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa “Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory” akademiki derejesiniň degişli diplomyny gowşurmak dabarasy boldy.

Kýosuke Nagata bilim-ylym ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa bu hormatly ady dakmak baradaky çözgüde gelnendigini aýdyp, dabaraly ýagdaýda döwlet Baştutanymyza degişli diplomy gowşurdy we Gahryman Arkadagymyzyň hem bu uniwersitetiň hormatly doktorydygyny, giň gerimli döwlet işi bilen bir hatarda, ylmy-barlag işlerine-de hemişe uly üns berýändigini buýsanç bilen belledi.

Döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory alymlyk derejesiniň berlendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu sylagyň özi üçin uly hormatdygyny we munuň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň, hususan-da, bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini görkezýändigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Sukuba uniwersitetiniň ýolbaşçysy birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.