Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi

photo

Fransiýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen duşuşygy geçirildi.

Bilelikde ýadygärlik surata düşmek dabarasyndan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Prezident Emmanuel Makron belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Fransiýa gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de ikiçäk duşuşykda döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, dostluk we özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara dialogyň soňky ýyllarda netijeli häsiýete eýedigini nygtady.

Halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri barada pikir alyşmalaryň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň halkara işlerde öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýandygyny aýtdy.

Nebitgaz toplumy, hemra-aragatnaşyk tehnologiýalary, ulag, gurluşyk, suw serişdeleri, himiýa hem-de derman senagaty, oba hojalygy we beýlekiler türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Fransiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda durnukly şäher ösüşi babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Jarnama; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Fransiýa Respublikasynyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň arasynda bilim we ýokary okuw mekdepleri ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2025-2026-njy ýyllar üçin «Ýol kartasy»; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Fransiýanyň Tebigy taryhynyň milli muzeýiniň arasynda arheologik ylmy-barlag işleri babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen «Thales Alenia Space France» kompaniýasynyň arasynda «TürkmenÄlem 52°E-2» milli telekommunikasiýa hemrasyny üpjün etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk; «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Kayrros SAS» kompaniýasynyň (Fransiýa Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar. Bu resminamalar döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda agşamlyk naharynyň başyndaky iş duşuşygy görnüşinde dowam etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makrona Pariže resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy, bildirilen myhmansöýerlik we işlemäge döredilen şertler üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Fransiýanyň Prezidenti bilen geçirilen ikiçäk duşuşygyň dowamynda iki tarapyň hem syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlarynda köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändiklerini tassyklandyklaryny aýtdy we mümkinçilikden peýdalanyp, Fransiýa hem-de onuň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň Bitaraplygyny, halkara başlangyçlaryny üýtgewsiz goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy geçen aýda geçirilen «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň möhüm ähmiýetini nygtady. Bu sammitde parahatçylyk, howpsuzlyk we durnuklylyk ýaly meselelerde sebitara özara hereketlere bolan isleg beýan edildi.

Türkenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa üçin Strategiýasynyň we özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça bilelikdäki «Ýol kartasynyň» düzgünlerini goldaýandygyny hem-de Ýewropanyň «Global Gateway» ýaly başlangyçlarynyň çäklerinde-de işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygy tassyklanyldy.

Türkmenistan häzirki zaman ulag üpjünçilik ulgamyna eýedir. Şoňa görä-de, Hazaryň kenaryndaky Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini peýdalanmak bilen, Hazarüsti ulag geçelgesini mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi biz üçin uly gyzyklanma döredýär diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk bilen bagly meselelerde durup, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Biz eýýäm hormatly Prezident Emmanuel Makron bilen energetika, ulag, suw hojalygy, hemra-aragatnaşyk tehnologiýalary ýaly esasy ugurlarda özara gatnaşyklarymyzy işjeňleşdirmek boýunça birnäçe anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdyk diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we metan zyňyndylaryny azaltmagy, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny, bank ulgamyny, hususy pudagy geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezdi.

Fransiýanyň iri halkara ekologiýa başlangyçlaryny we onuň syýahatçylyk ulgamyndaky öňdebaryjy ornuny hasaba almak bilen, bu ulgamlarda bilelikdäki işleri ýola goýmagyň maksadalaýykdygy bellenildi.

Biz durmuş ulgamyndaky türkmen-fransuz gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berýäris. Frankofoniýa günleri, fransuz kinolarynyň görkezilişleri, sergiler, iki ýurduň sungat ussatlarynyň konsertleri yzygiderli geçirilýär, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Arheologiýa ulgamynda 30 ýyldan gowrak wagty öz içine alýan hyzmatdaşlyk aýratyn nygtaldy.

Halk Maslahatynyň Başlygy hyzmatdaşlygyň täze gyzykly ugurlarynyň biri bolan speleologiýa barada aýdyp, Köýtendagyň dag gerişlerindäki seýrek duş gelýän gowaklara eýýäm iki gezek üstünlikli ekspedisiýany amala aşyrandyklaryny belledi.

Çykyşynyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Emmanuel Makrona we ähli fransuz dostlara mähirli garşylandyklary üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň köpugurly, netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron çuň manyly çykyşy üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirip, beýan edilen teklipleriň möhüm ähmiýetini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Fransiýa Respublikasyna saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Milli Liderimiz Parižiň «Orly» Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady.