Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammitine gatnaşdy

2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäheriniň Kabul edişlikler köşgünde geçirilen “Merkezi Aziýa — Russiýa” ikinji sammitine gatnaşdy.
Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen sammite Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri hem gatnaşdylar.
Sammitden öň “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammitine gatnaşyjylaryň bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasy boldy.
Prezident Emomali Rahmon sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip, Täjigistana gelendikleri üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de bu sammitiň hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarjakdygyna ynam bildirdi.
Soňra sammite gatnaşyjylar çykyş etdi.
Öz çykyşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona bildirilen myhmansöýerligi üçin minnetdarlygyny beýan etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň diňe bir giň geografik giňişligi emele getirmek bilen çäklenmän, eýsem, köpasyrlyk taryhy, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar bilen hem baglanyşandygyny belledi.
Merkezi Aziýada durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak babatda bilelikdäki işiň wajyplygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, halkara düzümleriň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde özara gatnaşyklaryň utgaşdyrylmagynyň ähmiýeti barada bellenip geçildi.
Türkmenistanyň Prezidenti halkara gatnaşyklaryny ösen medeniýetli gepleşikler ýoluny, özara hormat goýmak dialogynyň, açyklygyň we ynanyşmagyň medeniýetini gaýtadan dikeltmegiň wajypdygyny belledi.
Ol ykdysady gatnaşyklary, ulag aragatnaşygy, energetika, innowasiýalar we ekologiýa ugurlarynda gatnaşyklary giňeltmek babatda Türkmenistanyň başlangyçlaryny beýan etdi.
Türkmenistanyň Baştutany bu formatyň ýurtlarynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň wajyplygy barada belledi.
Çykyşynyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň hyzmatdaşlyga taýýardygyny hem-de “Merkezi Aziýa – Russiýa” ýaly formatly gatnaşyklaryň gerekdigine we uly mümkinçilikleriniň bardygyna bolan ynamyny tassyklady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Merkezi Aziýa — Russiýa” ikinji sammitindäki çykyşynyň doly teksti bilen şu aşakdaky salgy boýunça tanşyp bilersiňiz: https://www.mfa.gov.tm/tk/articles/1677