Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

2025-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullini kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Russiýada Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini belledi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle-de myhman Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ulgamda gazanýan üstünlikleriniň, türkmen halkynyň baý taryhynyň, medeniýetiniň özünde uly täsir galdyrandygyny belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny mähirli mübärekläp, Russiýanyň ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de myhmanyň şu gezekki saparynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky yzygiderli hökümetara dialogy dowam etdirmekde möhüm ähmiýetini belledi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany Husnulline türkmen kärdeşleri bilen gepleşikleri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisini üstünlikli geçirmegi arzuw edip, duşuşyklaryň netijeleriniň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasynda dostluk, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar ähli ugurlarda üstünlikli ösdürilýär.
Duşuşykda türkmen-rus hyzmatdaşlygyň diňe bir ikitaraplaýyn derejede däl, eýsem, köptaraplaýyn formatda hem netijeli ilerledilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Ýurtlarymyzyň BMG-niň we GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy munuň aýdyň mysalydyr. Şunda “Merkezi Aziýa — Russiýa” formatyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullin iki ýurduň hem däp bolan dostlukly döwletara dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.