Türkmenistanyň we Kuweýt Döwletiniň DIM-leriniň ýolbaşçylary telefon arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
2025-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kuweýt Döwletiniň Daşary işler ministri Abdalla Ali Al-Ýahýa telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Kuweýt Döwletiniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtadylar.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabahyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Ministrler BMG-niň hem-de beýleki halkara düzümleriniň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň ähmiýetini bellediler.
Taraplar, şeýle hem, 2025-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän möhüm halkara çäre – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna görülýän taýýarlyk babatda pikir alyşdylar.