Türkmenistanyň we Şri-Lankanyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

photo

2025-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Şri-Lankanyň Daşary işler, daşary ýurtlarda iş üpjünçiligi we syýahatçylyk ministri Widjitha Herat arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň netijeliligi aýratyn bellenildi.

Ministrler şu ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanda geçiriljek möhüm waka aýratyn üns berdiler. Ol Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanan halkara forumdyr.