Türkmen talyplary bilen duşuşyk

2018-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Belarus Respubliksayndkay Adatdan Daşray we Doly Ygtyýarli Ilçisi Nazarguly Şagulyýew bilen Belarus Respublikasynyň Minsk şäheriniň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmen talyplary arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Ilçi N.Şagulyýew, 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň eden taryhy çykyşyny giňişleýin gürrüň berip, bu mejlisde Hormatly Prezidetimiziň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň taryhynda Garaşsyz döwletiň döredilmeginiň we onuň bütin dünýäde giň goldawa eýe bolan hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýetiniň uludygyny, şeýle-de Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýada howpsuzlygy kepillendirýän ylalaşdyryjy merkeze öwrülmegi bilen bagly syýasy wakalar barada türkmen talyplarynyň dykgatlaryna ýetirdi.
Bulardan başgada Minsk şäheriniň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmen talyplary bilen, olaryň bolýan ýurdynda tertip–düzgünlerini doly berjaý etmek, olaryň gündelik durmuşlarynda gabat gelýän meseleler dogrusynda hem giňişleýin gürrüňdeşlik we sorag-jogap alyşmalar gurnaldy.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Ilçihanada ýerleşýän türkmen medeni-mirasynyň sergisi bilen hem tanyşdylar.