Türkmenistanyň Ilçihanasy Pekinde birinji Hazar Ykdysady forumynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirdi

2019-njy ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň HHR-ki Ilçihanasy Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebiniň rektorlygy bilen birlikde tanyşdyryş dabarasyny we baýramçylyk konsertini geçirdi, şeýle hem birinji Hazar Ykdysady forumy, Türkmenistanyň GDA-da, AHHG-da başlyklyk etmegi we Halkara Nowruz güni mynasybetli kabul edişlik hem-de hödür-kerem dabarasyny geçirdi.

Tanyşdyryş dabarasynyň açylyşynda Türkmenistanyň HHR-ki Ilçisi çykyş etdi, ol öz çykyşynda halkara işlerine işjeň gatnaşmak boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary, biziň ýurdumyzyň daşary syýasat ugrundaky meýilnamalary hakynda jikme-jik gürrüň etdi. Has takygy, ol şu ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar Ykdysady forumy bilen giňişleýin tanyşdyrdy. Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryhda ilkinji gezek şeýle Forumy geçirmek boýunça başlangyçlaryny hem-de onuň ähmiýetini aýratyn belledi we onuň mazmuny barada giňişleýin gürrüň berdi.