ASTRAHANDA WE ELISTADA MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 295 ÝYLLYGY MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRELER GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Astrahandaky Konsullygy rus tarapy bilen birlikde Astrahan welaýatynyň we Kalmykiýa Respublikasynyň administratiw merkezlerinde türkmen şahyry hem-de akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 295 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreleriň tapgyryny gurnady we geçirdi.

2019-njy ýylyň 5-nji iýunynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desselerini goýmak dabarasy, şeýle hem Astrahan döwlet filarmoniýasynda bilelikdäki türkmen-astrahan konserti geçirildi. 2019-njy ýylyň 7-nji iýunynda Kalmykiýa Respublikasynyň Elista şäherinde birinji bilelikdäki türkmen-kalmyk konserti geçirildi.  

Çärelere rus ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, sebitde ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň ýaşlary gatnaşdylar.

Ýokarda görkezilen çäreler dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýynda geçirildi, olaryň barşynda türkmen medeniýetiniň milli gymmatlyklarynyň we medeni däp-dessurlaryň goralyp saklanylmagynyň ýokary derejesi şöhlelendirildi. Çärelere gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Russiýanyň arasynda ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem giňeldilmeginiň zerurlygyny nygtadylar we bu çäreleriň iki ýurduň halklarynyň medeni durmuşynda ähmiýetli waka boljakdygyny belläp geçdiler.

Çärä gatnaşyjylar iki ýurduň arasynda ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegine berýän goldawy, şeýle-de Russiýanyň günortasynda ýaşaýan türkmenleriň durmuşynda milli dessurlarynyň goralyp saklanmagyna berýän hemaýaty üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk sözlerini beýan etdiler.