TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI HALKARA ZÄHMET MASLAHATYNYŇ 108-NJI MEJLISINIŇ IŞINE GATNAŞÝAR

2019-njy ýylyň 10-njy iýunynda Ženewada Milletler Köşgünde Halkara zähmet maslahatynyň 108-nji mejlisi öz işine başlady. Plenar mejlisinde HZG-nyň agza ýurtlarynyň 40-dan gowrak döwlet hem-de hökümet baştutanlarynyň çykyş etmeklerine garaşylýar.

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti plenar mejlisiniň dowamynda çykyş eder, Türkmenistanyň HZG-daky agzalygynyň geçen 25 ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň milli kanunçylygy ösdürmek we ony iş ýüzünde ulanmak arkaly HZG-nyň ratifisirlenen we ratifisirlenmedik konwensiýalarynyň çäklerinde halkara borçnamalaryny durmuşa geçirmegi boýunça, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagy ugrunda ýurdumyzyň esasy gazananlaryny giňden açyp görkezer.  

Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýeti HZG-nyň 100 ýyllygynyň bellenilmegine bagyşlanyp ýurdumyzda geçirilen çäreler hakynda habar berer. Has takygy, çykyşda degişlilikde guramanyň agza-ýurtlaryny onuň ýüz ýyllygyny bellemäge hem-de guramanyň esas goýujy ýa-da ýolbaşçylyk ediji resminamalaryna birleşmäge çagyran zähmet ulgamynyň geljegi hakyndaky HZG-nyň Baş direktorynyň global başlangyjyna goşant goşmak bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň halkara zähmet kadalarynyň ulanylmagyna ýardam bermek boýunça üçtaraplaýyn geňeşmeler hakyndaky HZG-nyň №144 Ýolbaşçylyk ediji Konwensiýasyna gatnaşmagy hakyndaky karary bellenilip geçiler.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Mary welaýatynyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň komitetiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň wekillerinden düzülen Türkmenistanyň wekiliýeti Zähmet kadalarynyň ulanylmagy boýunça Komitetiň, Standartlaryň işlenilip düzülmegi boýunça Komitetiň we Doly düzüm komitetiniň işlerine gatnaşarlar.

108-nji mejlisiň çäklerinde HZG-nyň giňişliginde hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we zähmet ulgamyndaky global başlangyçlarynyň utgaşdyrylyp durmuşa geçirilmeginiň ösdürilmegi boýunça meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy maksady bilen Türkmenistanyň wekiliýetiniň HZG-nyň ýokary derejeli wekilleri we beýleki ýurtlaryň wekiliýetleri bilen duşuşyklary meýilleşdirilendir.

Maslahatyň jemleri boýunça «HZG-ňnyň 100 ýyllygynyň jemleýji resminamasynyň» kabul edilmegine garaşylýar.