TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-ITALÝAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Italiýa Respublikasynyň Parlamentiniň deputatlar palatasynyň Wise-prezidenti Ettore Rozatonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. 

Dostlukly ýagdaýda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky özarabähbitli türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar şonuň ýaly hem iki ýurduň işewürler toparlarynyň özarahereketlerini işjeňleşdirmegiň meselelerine seredip geçdiler.

Mundan başga-da iki ýurduň wekilleri medeni-ynsanperwerlik ulgamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň depginini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de «ÝB – Merkezi Aziýa» dialogynyň çäklerinde geljegi uly ugurlaryň ençemesi boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň meselelerine seredip geçdiler.