TÜRKMENISTAN ÝUNESKO BILEN HYZMATDAŞLYGYNA AÝRATYN ÄHMIÝET BERÝÄR

2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredowyň Türkmenistana iş sapary bilen ÝUNESKO-nyň baş direktorynyň orunbasary W.E.Rýabinin bilen duşuşygy geçirildi. 

Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikirleri alyşdylar. Taraplar ylym-bilim we medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklaryň netijeliligini belläp geçmek bilen, maddy we maddy däl medeni mirasy gorap saklamak we hemmetaraplaýyn ýaýratmak boýunça taslamalar jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.  

Şeýle hem ÝUNESKO-nyň wekili Birinji Hazar ykdysady forumynyň guramaçylygynyň ýokary derejeliligini aýratyn nygtamak bilen, halklaryň arasynda özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagynda hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginde jemgyýetçilik diplomatiýasynyň möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi.