TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI AŞGABATDA GEPLEŞIKLER GEÇIRDILER

2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet   Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Saparyň çäklerinde Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti S.Žeenbekow bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň ösüş meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de taraplar energetika we ulag pudaklarynda türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Duşuşykda medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygyň berkemegine aýratyn üns çekildi. Sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegini üpjün edýän Arkalaşygyň çäklerindäki gatnaşyklaryň wajyp orny hakynda bellenildi.