TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDAKY TELEFON ARKALY GEPLEŞIK

2019-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi.     

Iki doganlyk halkyň mizemez dostlugyna we hoşniýetli goňşuçylygyna esaslanan, däbe öwrülen döwletara dialogyň ýokary derejesine ünsi jemläp, taraplar sebitdäki we dünýädäki ýagdaýlary nazara almak bilen, strategik häsiýete eýe bolan hem-de birek-birege hormat goýmak nukdaýnazaryndan guralýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Söhbetdeşler ýokary derejedäki duşuşyklaryň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmak babatda döwletara hyzmatdaşlygyň oňyn depginini bellediler. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-özbek toparynyň ähmiýeti barada bellenip geçildi. Sebit meselelerini çözmek, hususan-da Araly halas etmek we suw serişdelerini oýlanyşkly peýdalanmak babatdaky özara gatnaşyklar barada pikir alşyldy. Bilelikdäki giň gerimli düzüm taslamalaryny amala aşyrmagyň möhümdigi nygtaldy.

Iki doganlyk ýurtlaryň Baştutanlary özara gyzyklanma döredýän halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Şunuň bilen birlikde, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ynsanperwer ulgamda hem gatnaşyklary ösdürmek barada pikirlerini beýan etdiler.    

Telefon arkaly gepleşigiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti birek-birege saglyk we üstünlik, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.