Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmegine we Birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan ýörite neşirler çapdan çykdy

2019-njy ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-nde geçirilen brifingiň barşynda “Araly halas etmegiň Halkara gaznasy” we “Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň bähbitleri” atly täze neşirleriň tanyşdyrylyş dabaralary hem boldy.

Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz 2017-2019-njy ýyllarda AHHG-na başlyklyk etdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýagny, Gaznanyň saýlanan Prezidentiniň ýolbaşçylygynda Aral  deňziniň ekologiki, sosial-ykdysady we beýleki meselelerini çözmeklige gönükdirilen birnäçe wajyp başlangyçlar durmuşa geçirildi.