Türkmenistanyň DIM-de Hazar deňzinde gözleg we halas ediş işlerini geçirmek hakyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyk öz işine başlady

2020-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň Hazar deňzinde gözleg we halas ediş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça ikinji mejlisi öz işine başlady.

Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň bilermenleri, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Hazar deňzi institutynyň, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň işgärleri gatnaşýarlar.

Geçen döwre degişli işleriniň netijelerine garamak bilen, duşuşyga gatnaşyjylar taslamanyň her bent boýunça maslahatlaşmalaryny dowam etdirdiler. Bu resminama Hazarýaka döwletleriniň Hazar deňzinde gözleg we halas ediş işlerini geçirmek babatda özara hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň Hazar deňzinde gözleg we halas ediş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça geçirilýän bu mejlisiň işi ertir, 31-nji ýanwarda dowam etdiriler.