Aşgabatda YHÖG-nyň baha bermesiniň çäklerinde esasy netijeleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça ikinji iş maslahaty geçirildi

2020-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG) «Merkezi Aziýa ýurtlarynda telekeçiligiň hukuk gurşawynyň kämilleşdirilmegi: Türkmenistan» baha bermesiniň çäklerinde degişli netijeleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça ikinji iş maslahaty geçirildi.

Çärä türkmen tarapyndan ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, şeýle-de ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlise şonuň ýaly-da taslamanyň durmuşa geçirilmegi boýunça hyzmatdaşlarynyň, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň we YHÖG-nyň agza ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, YHÖG (Ýewropa Bileleşiginiň maliýe goldawyny bermeginde) sebitleýin taslamany durmuşa geçirýär, onuň çäklerinde Türkmenistanyň we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň Hökümetlerine telekeçiligiň hukuk gurşawynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen özgertmeleriň geljegi uly ugurlarynyň kesgitlenilmegi maksady bilen analitiki goldaw berilýändir.

Bu çäre özbaşyna ikinji iş mejlisi bolup, Türkmenistanda özgertmeleriň ýurt üçin ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitlenilmegine itergi berjek birinji esasy netijeleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy maksady bilen geçirilýändir. Şeýle-de mejlisiň çäklerinde bu meseleleriň hökümetiň hem-de taslamanyň durmuşa geçirilmegi boýunça hyzmatdaşlaryň wekilleriniň, şonuň ýaly-da hususy pudagyň we häkimýet edaralarynyň arasyndaky araçy guramalaryň wekilleriniň arasynda açyk ýagdaýda ara alnyp maslahatlaşylmasy geçirildi.