Türkmenistanyň Ilçisi GFR-nyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

2020-nji ýylyň 19-njy fewralynda Germaniýanyň Federal Prezidentiniň resmi rezidensiýasy bolan «Belwýu» köşgünde Ilçi B.Rejepowyň GFR-nyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere Türkmenistanyň GFR-ky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.  

Ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasynyň çäklerinde Ilçiniň Federal Prezident bilen duşuşygy geçirildi, onuň barşynda Ilçi GFR-nyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamlaryny we iň ýakymly arzuwlaryny ýetirdi. 

Federal Prezident Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan beýan edilen mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda Türkmenistanyň Prezidentine iň ýakymly sözleri we dostlukly salamyny ýetirmegi sorady, Türkmenistanyň tutuş halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş ugrundaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.