Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrleri telefon arkaly wajyp meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar

2020-nji ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkiýe Respublikasynyň DIM-niň ýolbaşçysy Mewlýut Çawuşogly bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleriniň giň gerimini, şol sanda, durmuş-ykdysady we ynsanperwer häsiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar ynanyşmak we açyk häsiýetlere eýe bolan türkmen-türk gatnaşyklary barada aýratyn belläp geçdiler.

Dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy berkitmegiň wajyplygyny nygtamak bilen, taraplar işjeň gepleşikleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Telefon arkaly söhbetdeşlik türk tarapynyň başlangyjy esasynda amala aşyryldy.