Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň diplomatik ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaşlygy ösdürmek barada gepleşikleri geçirdiler

2020-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Diplomatik akademiýasy Uniwersitetiniň (ADA Uniwersitetiniň) arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.

Maslahata gatnaşyjylar döwletleriň arasynda uzakmöhletleýin özara gatnaşyklaryň dowamynda toplanan hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine ünsi çekmek bilen, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda emele gelen döwletara gatnaşyklaryň barha giňeýändigini belläp geçdiler.

Şonuň bilen birlikde, 2020-nji ýylda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň we Goşulyşmazlyk Hereketiniň işine gatnaşmagy hem-de dünýä bileleşigini gyzyklandyrýan meseleleriň çözgüdi boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren wajyp başlangyçlary hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklarynda ylmy edaralaryň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň wajyp ähmiýetine ünsi çekmek bilen, bu ugurda ýerine ýetirilen işler we gatnaşyklaryň geljekki mümkinçilikleri giňden ara alyp maslahatlaşdylar.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar iki ýokary okuw mekdebiň akademiki toparlarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga we ösdürmäge yzygiderli mümkinçilikleri döredýän iki döwletiň Liderlerine uly minnetdarlyk bildirdiler.