Türkmenistanyň we German ykdysadyýetiň Gündogar komitetiniň wekilleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

2020-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň we German ykdysadyýetiň Gündogar komitetiniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde duşuşyk geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar özarabähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, ara alyp maslahatlaşmalaryň çäklerinde German ykdysadyýetiň Gündogar komitetiniň Müdirliginiň başlygy jenap Oliwer Hermes «German ykdysadyýetiniň umumy kesgitlemesi, Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hem-de pandemiýa bilen baglylykdaky dünýädäki ýagdaýlar» temasy boýunça çykyş etdi. Gepleşikleriň çäklerinde ýurdumyz bilen özarahereketleriň ileri tutulýan ugurlary we wirusyň täze görnüşiniň pandemiýasynyň öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine ýetirip biljek täsirleri kesgitlenildi.

Duşuşygyň çäklerinde şonuň ýaly-da Türkmenistanyň suw hojalygynyň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen «UMAX Trade» taslamasy hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda taraplar  «UMAX Trade» tarapyndan berilen tekliplere hem-de ýurdumyzyň suw hojalyk ulgamynyň kämilleşdirilmegi, önümçilige häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy nukdaýnazaryndan hyzmatdaşlygyň netijeli durmuşa geçirilmegi boýunça Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bu babatda ileri tutýan ugurlaryna seredip geçdiler.

Taraplar şeýle-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary babatynda işjeňleşdirilmegi boýunça ylalaşdylar we bu ugurda 2021-nji ýylda Türkmenistanda indi 7-nji gezek geçiriljek GFR-niň Ykdysadyýet günleriniň geçirilmegi teklip edildi, nemes kompaniýalarynyň we türkmen hyzmatdaşlarynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikleriň ýygjamlaşdyrylmagyna hem seredilip geçildi.