DIM-de ÝTÖB bilen özarabähbitli hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Aşgabatdaky wekilhanasynynyň ýolbaşçysy F.Türkmenoglu bilen duşuşyk geçirdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar özarabähbitli hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça Türkmenistan bilen ÝTÖB-nyň arasyndaky uzak möhletli we täsirli hyzmatdaşlygyň ösüşini kanagatlanma bilen bellediler. Duşuşygyň çäklerinde, bu halkara maliýe institutynyň gatnaşmagynda energetika we ulag, hususy pudagyň hemmetaraplaýyn goldawy we beýlekiler bilen bagly durmuşa geçirilýän hem-de häzirki dowam edýän taslamalar dogrusynda pikirler alşyldy. Taraplar şeýle hem ÝTÖB-nyň Türkmenistan boýunça 2019-2024-nji ýyllar üçin Ýurt strategiýasynyň çäklerindäki işjeň hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýetini belläp geçdiler.

Duşuşygyň gün tertibinde taraplar şeýle-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligi goldamak üçin maddy hem-de tehniki binýady berkitmek, şeýle hem ýurdumyzyň hususy pudagynyň gatnaşmagynda işewürlik geňeşmelerini geçirmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.