Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

2020-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, mukaddes Gurban baýramy mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de belent ruhy gymmatlyklaryň, ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň we sahawatlylygyň dabaralanýandygyny alamatlandyrýan bu ajaýyp baýramyň mundan beýläk hem tutuş musulman ymmatynda agzybirligi hem-de raýdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, koronawirus pandemiýasy meselesine deglip geçildi. Bu kesel örän giň çäkleri gurşap alyp, köp döwletleriň we halklaryň durmuşyna oňaýsyz täsir edýär.

Türkmen Lideri Türkmenistanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň arasynda gol çekilen “Lapis Lazuli” ylalaşygynyň çäklerinde döredilen ulag-üstaşyr geçelgesiniň ähmiýetini aýratyn belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň hem-de Owganystanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda ýakynda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň netijesi boýunça gazanylan ylalaşyklar ulag geçelgesini işjeňleşdirmek we ulgamlaýyn esasda hyzmatdaşlyk etmek babatynda möhüm ädim boldy.

Mundan başga-da, TOPH gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan —Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki- süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşygy ýaly energetika, ulag hem-de aragatnaşyk ulgamyndaky giň möçberli taslamalaryň ähmiýeti nygtaldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani birek-birege berk jan saglyk hem-de asylly işlerinde üstünlikleri, türkmen we owgan halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdiler.