Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşygy

2020-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Golam Abbas Arbab Hales bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy EYR-nyň Ilçisine Eýranyň görnükli alymynyň, Eýranyň Goranmak ministrliginiň Gözleg we innowasiýa guramasynyň ýolbaşçysy Mohsen Fahrizadeniň janyna kast edilmegi netijesinde aradan çykmagy bilen baglylykda Eýran  Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň salgysyna ýazylan gynanç-hatyny gowşurdy.  

Hatda hususan-da Türkmenistanyň bu jenaýaty berk ýazgarýandygy we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda göz öňünde tutulan esasy ýörelgelere esaslanyp, zorlugyň islendik görnüşiniň, esasan hem adam pidalaryna sebäp bolýanlaryň, milli we halkara hukugynyň kadalarynyň hem-de ýokary ynsanperwerlik gymmatlyklarynyň gödek bozulýandygy aýratyn nygtalýar.