Türkmenistanyň eksponentleri XXVIII Minsk halkara kitap sergi-ýarmarkasyna gatnaşdylar

2021-nji ýylyň 18-nji fewralynda “Belekspo” sergi merkezinde “Kitap adamlary we ýurtlary birleşdirýär” şygary astynda XXVIII Minsk halkara kitap sergi-ýarmarkasy açyldy.   

Sergä 20 döwletden 281 eksponent, şol sanda Türkmenistandan hem eksponentler gatnaşýar. Hususan-da, türkmen tarapyndan sergide Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplary, şeýle-de okyjylary türkmen döwletiniň baý taryhy, medeniýeti, sungaty we ýokary sepgitleri bilen tanyşdyrýan kitaplardyr žurnallar görkezildi.

Şeýle-de çäreleriň çäklerinde Minsk şäheriniň teatrlarynda we kinoteatrlarynda ýurtlaryň meşhur ýazyjylarynyň eserleri esasasynda filmleriň, çykyşlaryň görkezilişi meýilleşdirilýär.    

Sergi öz işini 21-nji fewrala çenli dowam eder.