GDA-nyň Tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky Hemişelik Doly ygtyýarly wekilleriniň mejlisi geçirildi

photo

2021-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Minsk şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň baş binasynda GDA-nyň Tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky Hemişelik Doly ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mejlise GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy we onuň orunbasarlary, GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň başlygy, Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri we GDA-nyň Tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky Hemişelik Doly ygtyýarly wekilleri gatnaşdylar. Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň ykdysady meseleleler boýunça toparynyň agzalary hem gatnaşdylar.

Mejlisi GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Sergeý Lebedew açdy. Soňra mejlise gatnaşyjylar gün tertibindäki meselelere garadylar.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, GDA-nyň Tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik Doly ygtyýarly wekili N.Şagulyýew çykyş etdi. Ol öz çykyşynda 2017-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen 2021-nji ýyly GDA-da “Binagärlik we şäher gurluşygynyň ýyly” diýip yglan etmek teklibi bilen bagly, şeýle hem 2018-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň mejlisinde ylalaşylan çözgüde laýyklykda alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle hem şu ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryň hem-de desgalaryň toplumynyň açylyşynyň meýilleşdirilýändigi barada belläp geçdi.

Gatnaşyjylar geçen ýylyň dekabrynda GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň hem-de Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň onlaýn görnüşinde geçirilen mejlisleriniň jemlerini ara alyp maslahatlaşdylar. GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Hemişelik Doly ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň we Ykdysady Geňeşiniň çäreleriniň Bilelikdäki meýilnamasyny işläp düzmek barada karara gelindi. Mundan başga-da, GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 2-nji aprelde geçirilmegi meýilleşdirilýän nobatdaky mejlisiniň gün tertibi düzüldi. Şeýle hem 2021-nji ýyl üçin Hemişelik Doly ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň Iş meýilnamasy tassyklanyldy.