Türkmenistanyň Belarusdaky Ilçihanasy energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça Minsk şäherinde maslahat geçirdi

2021-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy Belarusyň Gaz Institutynyň binasynda Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 30-ýyllygyna we Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140-ýyllygyna bagyşlap “Halkara hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde ygtybarly we durnukly üstaşyr energiýany geçirmegiň roly” atly maslahat geçirdi.
Çärä Belarus Respublikasynyň Energetika ministriniň orunbasary O.Prudnikowa, Belarus Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Energetika institutynyň, Belarusyň Energetika Birleşiginiň we Belteleradio kompaniýasynyň ONT telewideniýesynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Ilçihanasynyň jogapkär işgärleri gatnaşdylar.
Maslahaty Belarus Respublikasynyň Gaz institutynyň rektory A.Lapo gutlag çykyşy bilen açdy. Soňra Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi N.Şagulyýew çykyş etdi. Ilçi öz çykyşynda Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 30-ýyllygy hem-de Aşgabat şäheriniň 140-ýyllygy mynasybetli bayramçylyklara görülýän taýarlyklar barada, şeýle hem ýurdumyzyň energetika pudagynda ýeten sepgitleri we gazanan üstünlikleri barada gürrüň berdi.
Şeýle-de maslahatda energetiki howpsuzlygynyň derwaýys meseleleri boýunça pikir alşyldy. Çärä gatnaşyjylar energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi, energiýa çeşmeleriniň dikeldilmegi we onuň ekologik howpsuzlygy barada aýdyp geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň zerurlygy bellenilip geçildi.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini beýan edýän wideo şekiller hem görkezildi.