Türkmenistanyň Daşary işler ministri ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen Başlygy bilen duşuşdy

2021-nji ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen Başlygy, Ilçi Jon MakGregor bilen duşuşdy.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň Başlygy hökmünde bellenilen täze wezipesi bilen bagly gowy arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip, Ilçi Jon MakGregor Guramanyň üç sany esasy ugurlarynyň çäklerinde ÝHHG-niň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegi hemmetaraplaýyn goldamaga taýýardygyny tassyklady.  

Taraplar häzirki wagtdaky taslamalaryň durmuşa geçirilişine seretdiler, şeýle-de öňde duran döwür üçin hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ekologiýa, maglumat howpsuzlygy we beýleki ulgamlarda hereketleri utgaşdyrmak bilen bir hatarda, häzirki zamanyň sebit hem-de halkara derejelerdäki howplaryna we wehimlerine garşy göreşmekde ysnyşykly gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.  

Diplomatlar ynsanperwer ugur boýunça hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdiler. ÝHHG-niň Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary Komissary, Demokratik institutlar we adam hukulary boýunça býurosy, Köpçülikleýin habar serişdeleriniň azatlygy boýunça wekili ýaly institutlary bilen Türkmenistanyň işjeň hyzmatdaşlygy bellenildi.

Energiýa howpsuzlygy ulgamynda, şol sanda ÝHHG-niň çäklerinde energiýa durnuklylygy boýunça başlangyçlary işläp taýýarlamakda özara hereketleriň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de ulag durnuklylygy agzalyp geçildi. “Gündogar-Günbatar” geçelgesiniň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalar bilen bagly pikir alyşmalar boldy. 

Taraplar umumy maksatlara ýetmekde işjeň gepleşikleri dowam etdirmäge ylalaşdylar.

Duşuşygyň barşynda Ilçi Jon MakGregor türkmen tarapyna özüniň ynanç hatlaryny gowşurdy.