“Türkmenistanyň Garaşsyzlygy- parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ösüşler” atly halkara ylmy amaly maslahat

2021-nji ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Adalat köşgüniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30-ýyllygy we Ylymlar güni mynasybetli “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy - parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ösüşler” atly halkara ylmy amaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň esasy guraýjylary bolup Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty çykyş etdiler.

Maslahata BMG-niň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky edarasynyň we ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanda akkreditirlenen halkara guramalarynyň wekilleri, ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri, ylmy edaralaryň ylmy işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplary şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Halkara ylmy-amaly forumynyň barşynda adam hukuklarynyň üpjün edilmeginiň we durmuşa geçirilmeginiň ösüşi, döwletliligiň we milli kanunçylyk ulgamynyň kämilleşdirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata gatnaşanlaryň çykyşlarynda adamlaryň syýasy, ykdysady we durmuş hukuklarynyň amala aşyrylmagynyň netijeleri, kanunyň hökmürowanlygynyň we milli demokratik taglymatlara esaslanmagyň ýörelgeleri barada bellenildi.

Çykyşlarda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ynsanperwerlik ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine yzygiderli üns berilýändigi aýratyn bellenildi. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly toýy toýlanýan “Türkmenistan- parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda adam hukuklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýän durmuş ynsanperwer gymmatlyklar ulgamynyň ähmiýeti has-da  aýdyň şöhlelenýär.

Halkara guramalarynyň wekilleriniň çykyşlarynda soňky ýyllarda adam maýasynyň ölçegi çygrynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge uly mümkinçilikleriň döredilendigi bellenildi. Maslahatda beýan edilen ylmy-amaly garaýyşlar, netijeler döwletliligiň, demokratiýanyň we milli hukuk ulgamynyň mundan beýläk kämilleşdirilmegine ýardam berer.