Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söbetdeşlik geçirildi

Şu gün, 13-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy saud tarapyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Umra hajyny berjaý etmegi üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iki günlük saparynyň ýokary dereje gurnalandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gidişini we ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, dürli ugurlardaky türkmen-saud gatnaşyklarynyň berkidilmegi üçin bilelikdäki hereketleriň takyk meýilnamasy kesgitlenildi.

Meseleleriň giň gerimi boýunça ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň geçirilmegi üçin iýun aýynyň ahyryna çenli Saud Arabystanynyň DIM-niň ýolbaşçysynyň orunbasarynyň Türkmenistana saparyny gurnamak barada ylalaşyk gazanyldy. Şeýle hem şu ýylyň ikinji ýarymynda Er-Riýadda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-saud toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek barada ylalaşyldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda bu çäreleriň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyrjak resmi saparyna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly geçiriljekdigi bellenildi.