Türkmenistan-Çehiýa: ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk ugurlary

2022-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň we Çeh Respublikasynyň söwda-ykdysady ulgamynyň wekilleri göni wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde duran möhüm meselelere garadylar. Hususan-da wodorod energetikasy, ykdysady hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn hukuk binýadyny ösdürmek, Söwda-senagat edaralarynyň we işewürleriň arasynda gatnaşyklary berkitmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Wodorod barada aýdylanda, Türkmenistanyň wodorod energetikasy boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek baradaky Ýol kartasyny, Çehiýanyň bolsa Wodorod Strategiýasyny kabul edendiklerini göz öňünde tutup, bu ugurda özara tejribe alyşmak we geçirilýän çärelere gatnaşmak boýunça tekliplere serediljekdigi bellenildi.

Ikitaraplaýyn resminamalar boýunça aýdylanda, Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly maliýe maglumatlary alyşmak hakynda Ähtnamanyň hem-de Maýa goýumlary höweslendirmek we özara goramak hakynda Ylalaşygyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işleri güýçlendirmäge gyzyklanma bildirildi.