SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ ÇÖL EKOULGAMLARYNYŇ ÝUNESKO-NYŇ BÜTINDÜNÝÄ MIRASYNYŇ SANAWYNA GOŞULANDYGY BARADA
2023-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Er-Riýadda (Saud Arabystany) geçirilen Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji mejlisinde Türkmenistanyň “Bereketli Garagum”, “Gaplaňgyr”, “Repetek” we “Ýerajy” täsin çöl ekoulgamlary Türkmenistan, Gazagystan Respublikasy we Özbegistan Respublikasy tarapyndan bilelikde hödürlenýän “Turanyň sowuk gyş çölleri” transmilli nominasiýasynyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi, ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişe...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ABŞ-NYŇ PREZIDENTINIŇ HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI MESELELERI BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞDY
2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýorka iş saparynyň çäklerinde ABŞ-nyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerri bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz hem-de ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili halkara gün tertibinde aýratyn üns berilýän ekologik ulgamdaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we ABŞ-ny...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “C5+1” KÖPTARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ BIRINJI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji duşuşygyna gatnaşdy. Bu sammit meseleleriň giň toplumyny, şol sanda sebit howpsuzlygy, söwda we özara baglanyşyk, howanyň üýtgemegi hem-de dolandyrmagy gowulandyrmak we kanunyň ileri tutulmagyny üpjün etmek maksady bilen dowam edýän özgertmeler bilen baglanyşykly me...
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş etdi
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy. Bu waka eziz Watanymyzyň döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesine ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu konsepsiýada Milletler Bileleşigi bilen strategik gatnaşyklary çuňlaşdyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Häzirki döwürde bu hyzmatdaşlyk täze many...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEWROPA GEŇEŞINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY
2023-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Tükmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyz Ýewropa Bileleşigi bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli dialogy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Şol dialog bolsa ýylsaýyn giňelip, gatnaşyklaryň täze ugurlaryny öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu halkara düzümi bilen ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem “Ýewropa Bileleşi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HEM-DE KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2023-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Prezidenti bu günki Nýu-Ýorkda geçýän duşuşyga örän şatdygyny nygtap, bu gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň täze ýollaryny kesgitlemäge ýardam berjekdigine hem-de olary mundan beýläk-de giňeltmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi....
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNYŇ BAŞ DIREKTORY BILEN DUŞUŞDY
2023-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz we iri halkara söwda guramasynyň ýolbaşçysy mähirli salamlaşyp, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegini söhbetdeşlikde ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Umumy pikire görä, şu günki duşuşygyň netijeleri hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçi...