RSS

SOŇKY HABARLAR

9 Okt

Döwlet Baştutany «EKSPO-2020» bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

2021-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO-2020» bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasy geçirildi. Dubaýyň howa menzilinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy BAE-niň resmi wekilleri mähirli garşy aldylar. Iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe ýokary derejeli ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. Hususan-da, Şeýh Maktum adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmeni...

DOWAMY
9 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti “EKSPO-2020” bütindünýä sergisine gatnaşar

Şu gün, 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Dubaý şäherinde geçirilýän EKSPO-2020 bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyna gatnaşmak maksady bilen Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary başlandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň iş saparynyň çäklerinde ýokary derejeli ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler. Şeýle-de ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň milli pawilýonynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkme...

DOWAMY
8 Okt

Lukman alymlaryň halkara maslahatynyň barşynda lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň derwaýyslygy ara alnyp maslahatlaşyldy

"Lukmançylyk diplomatiýasy – sagdyn dünýäniň binýady" atly lukman alymlaryň halkara maslahatynyň barşynda ylmy intelligensiýanyň wekilleri, şeýle-de saglygy goraýyş ulgamynyň ýokary derejeli wekilleri lukmançylygyň hem-de ylmy diplomatiýanyň ilerledilmeginiň meseleleri boýunça işjeň pikirleri alyşdylar. Çykyş eden BSGG-niň bilermenleri häzirki wagtda saglygy goraýyş ulgamyndaky diplomatiýanyň aýratyn derwaýys häsiýete eýe bolandygyny hem-de bu ulgamyň aglaba ýurtlaryň daşary syýasatynyň aýryl...

DOWAMY
8 Okt

Lukman alymlaryň halkara maslahaty ikinji mejlisde öz işini dowam etdi

“Lukmançylyk diplomatiýasy – sagdyn dünýäniň binýady” atly halkara maslahat öz işini COVID-19 pandemiýasy döwründe gazanylan tejribäni ulanmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ikinji sessiýasynda dowam etdi. “Pandemiýany ýüze çykaryp biljek ýokanç kesellere garşy göreşde lukmançylyk diplomatiýasy” atly temada geçen ikinji sessiýasynda alyp baryjy hökmünde Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky wekili Ý.Za...

DOWAMY
8 Okt

Aşgabatda lukman alymlaryň halkara forumy öz işine başlady

2021-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda türkmen paýtagtynyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda gibrid görnüşinde «Lukmançylyk diplomatiýasy – sagdyn dünýäniň binýady» atly lukman alymlaryň halkara maslahaty öz işine başlady.    Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow COVID-19 pandemiýasy döwründe ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüniň alynmagy babatynda toplanylan tejribeleriň ulanylmagy bilen bagly bolan meseleleriň giňişleýin ara alyp maslahatlaşylmagy boýunça halkara maslahatyny geçirmek başlang...

DOWAMY
8 Okt

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Prezidentine ýazan haty gelip gowuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna iberen hatynda, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistana Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşinde synçy derejesiniň berilmeginiň ähli agza döwletler tarapyndan goldanylandygy barada habar berýär. “Siziň häzirki wagtda özara gatnaşyklaryň, şol sanda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň çäklerindäki gatnaşyklaryň aýratyn möhümdigi baradaky pikiriňize goşulýaryn. Häzir Azerbaýjanyň şol geňeşde baş...

DOWAMY
8 Okt

Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň maslahaty

2021-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda gibrid görnüşinde Türkmenistanda Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň ilkinji maslahaty geçirildi. BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň 26-njy maslahatynyň (COP26) we Ýaşlaryň maslahatynyň (COY16) öňüsyrasynda bu çäräni Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Beýik Britaniýanyň Ilçihanasy we BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasy bilelikde gurnadylar Maslahata T...

DOWAMY