SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň we Yrak Respublikasynyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler
2025-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Yrak Respublikasynyň Daşary işler ministri Fuad Muhammed Huseýn bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde iki döwletiň ýakyn hyzmatdaşlygyny dowam etdirmäge bolan özara gyzyklanm...
Türkmenistanyň we Jibuti Respublikasynyň daşary işler ministrleri telefon arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
2025-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Jibuti Respublikasynyň Daşary işler ministri Mahmud Ali Ýusuf bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Gepleşikleriň berşynda taraplar iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik hem-de ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk giňeltmegiň möhümdigini nygtadylar. Ministrler halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň häzirki...
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
2025-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masato Kandany kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekde eýeleýän möhüm ornuna ünsi çekdi. Türkmenistanyň Prezidenti iri maliýe düzüminiň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, onuň saparynyň ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürm...
Türkmenistanyň wekiliýeti CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň 65-nji mejlisine gatnaşýar
2025-nji ýylyň 10-12-nji noýabry aralygynda Wenada Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 65-nji mejlisi geçirilýär. Çärä gatnaşyjylar halkara ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk tertibi boýunça ulgamyny berkitmek, monitoring we barlag ulgamlaryny kämilleşdirilmek, şeýle hem gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeldilmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alnyp maslahatlaşýar. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Ylymlar akademiý...
Türkmenistanyň Prezidenti «C5+1» formatyndaky sammite gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde «C5+1» formatyndaky sammite gatnaşdy. Türkmenistanyň döwlet Baştutany Ak tama gelenden soň, Ruzwelt otagynda Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň arasynda duşuşyk geçirildi. Prezident Donald Tramp belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, «C5+1» formatyndaky sammi...
Türkmen we amerikan işewürleri özara gatnaşyklaryň täze mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde «Türkmen-amerikan işewürler hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze mümkinçilikleri we geljegi» atly işewürlik maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň hem-de ABŞ-nyň döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary, işewür toparlarynyň, şol sanda dünýä belli «John Deere», «General Electric», «SpaceX», «Oppenheimer Holdings Inc.» ýaly kompaniýalaryň, Bütindünýä bankynyň, Halkara pul gaznasynyň wekilleri gatnaşdylar. M...
«C5+1» formatynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli işewürlik maslahaty
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waşington şäherinde ýerleşýän Jon Kennedi adyndaky Ýerine ýetirijilik sungaty merkezinde «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» hyzmatdaşlyk formatynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli işewürlik maslahaty geçirildi. Çäräniň dabaraly maksatnamasynyň çäklerinde Merkezi Aziýa sebitiniň baý medeni mirasyny we ykdysady mümkinçiliklerini şöhlelendirýän sergi guraldy. Myhmanlar Türkmenistanyň sergi bölüminde ýurdumyzyň ýeten sepgitleri, ykdysadyýetde g...