RSS

SOŇKY HABARLAR

2 Apr

Moskwada GDA-nyň gatnaşyjy-döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

2021-nji ýylyň 2-nji aprelinde Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri D.Baýramow, Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Aýwazýan, Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri W.Makeý, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Tleuberdi, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri R.Kazakbaýew, Moldowa Respublikasynyň Daşary işler w...

DOWAMY
1 Apr

Türkmen wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygy bilen duşuşygy

Şu gün, 2021-nji ýylyň 1-nji aprelinde Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary Gözegçilik edarasynyň başlygy S.G.Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygy M.W.Mişustin bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategiki häsiýetini nygtap, iki döwle...

DOWAMY
1 Apr

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy

2021-nji ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary Gözegçilik edarasynyň başlygy S.G.Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen duşuşdy. Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, şeýle-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini giňişleýi...

DOWAMY
1 Apr

Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Sammitinde howpsuzlyk, şol sanda ekologiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2021-nji 31-nji martynda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň (Türk Geňeşiniň) resmi däl Sammiti geçirildi. Mälim bolşy ýaly, özara ynanyşmagy we dostlugy berkitmek, daşary syýasy meseleler boýunça umumy garaýyşlary ösdürmek we häzirki zamanyň umumy howplaryna we wehimlerine garşy göreşmekde hereketleri utgaşdyrmak Türk Geňeşiniň esasy maksatlarynyň arasynda bolup durýar. Bular barada bu duşuşykda jikme-jik gürrüň edildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz çyk...

DOWAMY
1 Apr

Türk Geňeşiniň Sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti energiýa howpsuzlygy ugurda hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BerdimuhamedowTürki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň (Türk Geňeşiniň) resmi däl Sammitinde çykyş etmek bilen, sebitde we tutuş dünýäde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini belledi. Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň halkara bazarlaryny energiýa serişdelerini üpjün etmek boýunça birnäçe kararnamalarynyň, şol sanda “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly...

DOWAMY
1 Apr

Türkmenistan Türk Geňeşiniň döwletleri bilen ulag we aragatnaşyk babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň tarapdary

Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň (Türk Geňeşiniň) şu ýylyň 31-nji martynda geçirilen resmi däl Sammitinde özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda durnukly ösüş nukdaýnazaryndan, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda özara hereketleri giňeltmegiň ähmiýetini jikme-jik beýan etdi. Sebit we halkara ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça Tükmenist...

DOWAMY
31 Mar

Türkmenistanyň Prezidenti Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy

2021-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeş) Sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Gazagystan Respublikasynyň birinji Prezidenti – Nursoltan Nazarbaýewiň başlangyjy bilen guralan çäre Gazagystan Respublikasynyň Türkestan şäherinde onlaýn görnüşine geçirildi. Sammite Türki geňeşiň agza-döwletleriniň ýolbaşçylary we Baş sekretary, şeýle-de bu Guramada synçy ýurt bolan Wengriýanyň Premýer-mi...

DOWAMY