SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatdaky çykyşy
Hormatly wekiliýetleriň ýolbaşçylary! Hanymlar we jenaplar! Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilýän deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak baradaky çakylygymyzy kabul edendigiňiz üçin minnetdarlyk bildirýärin! Bu foruma otuzdan hem köp döwletden ulag edaralarynyň ýolbaşçylary wekilçilik edýärler. Şeýle hem halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň, bilermenler jemgyýetiniň onlarçasyny...
Guterriş durnukly ulag hereketlerinde tagallalary birleşdirmäge çagyrdy
Türkmenistanda geçirilýän deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň Halkara maslahatyna gatnaşyjylara Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary Antoniu Guterriş ýüzlendi. Ýüzlenmäni BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary we Az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili hanym Rabab Fatima okady. BMG-niň Baş Sekretarynyň iberen ýüzlenmesinde Türkmenistanyň Hökümetine we maslahata gatna...
Türkmenistanyň Prezidenti ulag ulgamynda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ulgamynda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi. Döwlet Baştutanymyz bu başlangyçlar barada Hazar deňziniň Türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongressler merkezinde öz işine başlan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň Halkara maslahatyna iberen wideo ýüzlenmesinde belledi. «Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynda ul...
Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag boýunça maslahaty öz işine başlady
Şu gün, 2022-nji ýylyň 15-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongressler merkezinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty gibrid görnüşinde öz işine başlady. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guralan foruma 40 golaý döwletleriň hem-de halkara guramalaryň 30-dan gowragynyň wekiliýetleri gatnaşýarlar. Bu çäre şeýle hem BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylaryny, abraýly halka...
Türkmenistanyň Ilçisi Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
2022-nji ýylyň 11-nji awgustynda Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidentiniň Sefako Makgato adyndaky ýokary wezipeli myhmanlary kabul ediş öýünde Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi B.Rejepowyň Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramafosa Türkmenistanyň GAR-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Nur-Sultan ş.) hökmünde ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Çäräniň barşynda Türkmenistanyň Ilçisi B.Rejepo...
KHBS üçin habar
Şu gün, 2022-nji ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Sýan Naýçen bilen duşuşdy. Diplomatlar däp bolan dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen baglanyşykly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Häzirki wagtda bilelikdäki ykdysady we durmuş-medeni taslamalary durmuşa geçirmegiň ýokary neti...
Türkmenistanyň Ilçisi Liwan Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
2022-nji ýylyň 2-nji awgustynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Aýazow Liwan Respublikasynyň Prezidenti Mişel Auna şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Liwan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Ýerewan şäheri) özüniň ynanç hatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Dabaranyň dowamynda bolup geçen gürrüňdeşlikde Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Liwan Respublikasynyň Prezidenti Mi...